Taryhda iň kuwwatly Porsche awtomobili resmi taýdan hödürlendi. Onuň güýç gurluşy 1092 at güýjüni berýär

  • 12.03.2024 21:52
  • 8.5k+

Porsche taryhda özüniň iň kuwwatly awtomobilini resmi taýdan hödürledi. Ol 1092 at güýjüni berýän elektrik güýç gurluşyna eýe bolan Porsche Taycan Turbo GT boldy diýip, ixbt.com habar berýär.

Bu awtomobil 2,3 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi sagatda 290 km barabar. Ýöne Weissach bukjasy bilen awtoulag birneme dinamiki bolýar (2,2 sekuntda sagatda 100 km çenli), iň ýokary tizlik bolsa sagatda 305 km ýetýär.   
Porsche Taycan Turbo GT-de köp detallar karbondan ýerine ýetirilen, şonuň üçin ol Taycan Turbo S-den tas 75 kg ýeňildir. Taycan Turbo GT gowy işlenen işjeň magnit asma we adatdakysyndan diňe bir ýeňil bolman, eýsem tormoz diskleriniň wentilýasiýasyny has gowulandyrýan ýörite 21 dýuýmlyk teker disklerine eýe boldy. Ýeri gelende bellesek, Porsche Taycan Turbo GT karbon-keramiki tormozlary PCCB (Porsche Carbon Ceramic Brake) bilen üpjün edildi, supportlar altynsow reňke boýaldy.
Taycan Turbo GT alty reňkde, şol sanda täze Violet Sky Metallic we Light Blue Metallic reňklerinde elýeterlidir. Alyjylar hatda Taycan logotipiniň reňkini hem saýlap bilerler: ol gök ýa-da gara (öçügsi ýa-da ýalpyldawuk) bolup biler.
Salonda uglerod süýüminden (Weissach bukjasynyň çäklerinde) 18 taraplaýyn sazlanylýan sport oturgyçlary bar.
Ýanwar aýynda Taycan Turbo GT Nýurburgring ýolunyň Demirgazyk halkasy boýunça aýlawy 7 minut 7 sekuntda geçip, elektrik sedanlary üçin rekord goýdy (ol Tesla Model S Plaid-den 17,6 sekunt we Taycan Turbo S-den 26 sekunt tiz boldy). Ýöne rekord resmi hasaba alynmady, sebäbi sürüşe tapgyrlaýyn model däl-de, prototip gatnaşdy. Porsche Taycan Turbo GT ABŞ-da deslapky sargyt üçin elýeterlidir, bahalar 136 müň dollardan başlaýar.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....