700 at güýji bolan Porsche 963 RSP giperkary indi köpçülikleýin ýollarda gatnap ugrady

  • 10.06.2025 12:14
  • 4.7k+

Porsche kompaniýasy 963 LMDh ýaryş modeliniň ýol görnüşi bolan 963 RSP giperkaryny görkezdi. Taslama Martini & Rossi-niň eýesi üçin köçä niýetlenen Porsche 917-niň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabatlandy. Ol ýakynda geçiriljek “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşy bilen baglanyşykly.

963 RSP turbo görnüşli we gibrid ulgamly 4,6 litrlik V8 bilen enjamlaşdyrylandyr. Jemi kuwwaty - takmynan 700 at güýji. Güýç gurluşy öňküligine galdy, ýöne raýat ýangyjyna uýgunlaşdyryldy. Dolandyryş elektronikasy kuwwaty birsydyrgyn akgynly berip durar ýaly edip düzülendir. Şassisi täzeden işlenip düzüldi: ýerden beýikligi ýokarlandy, amortizatorlary ýumşak sazlamalary aldylar.
Kuzowy trek bolidiniňki ýaly karbondan we kewlardan ýasalan, ýöne asyl Porsche 917-niň reňkine boýalan. Konstruksiýasyna klakson, täze optika we bellige alnyş nyşanlaryny berkidijiler goşuldy. Bu üýtgeşmeler ulagy Fransiýanyň ýollarynda ulanmak üçin ýörite rugsat almaga mümkinçilik berdi.
Içinde karbon oturgyjy bar, üst bölekleriniň köp ýerine deri we alkantara çekilen, oturtma bulgur saklaýjy gurnalyp bilner.
Awtoulag Team Penske-iň gatnaşmagynda döredildi. RSP gysgaltmasy Porsche bolidlerinde çydamlylyk ýaryşyna gatnaşýan öňki ýaryşçy we Team Penske toparynyň ýolbaşçysy, Porsche-niň uzak wagtdan bäri hyzmatdaşy Rojer Penskäniň adyna degişlidir. Penske resmi taýdan superkaryň sargytçysy diýlip atlandyrylýar, emma bu düşünje kompaniýanyň Demirgazyk Amerikan şahamçasynyň gatnaşmagynda işlenip düzüldi.
Porsche 963 RSP-iň ilkinji “janly” görkezilişi Sarte ýolundaky ýaryşyň çäginde bolar, soň giperkar Gudwudda “Tizlik festiwalynda” we Porsche muzeýinde görkeziler. Ulagyň sargytça gowşurylyş senesi görkezilmedi.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......