2024-nji ýylyň 12-nji martynda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanda Prezidenti wezipesine saýlanmagyna laýyk iki ýyl dolýar.
Geçen iki ýylyň dowamynda ýurdumyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär.
Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda sanly ösüş, öňdebaryjy ylmy gazanylanlary we innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda bellenendir. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly hereket edýän pudaklary döwrebaplaşdyrmaga hem-de täze pudaklary döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny netijeli ulanmaga amatly mümkinçilikleri döretdi. Ýangyç-energetika toplumynda iri taslamalar amala aşyrylýar.
Senagatyň dürli ugurlarynda, gazhimiýa pudagynda, ulag-kommunikasiýa toplumynda we beýleki pudaklarda ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar.
Meýilnamalaýyn ykdysady ösüşiň kepili bolup durýan jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini kabul edilen durmuş maksatnamalaryny netijeli ýerine ýetirmäge, degişli ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistan ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini şöhlelendirýän ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Paýtagtymyzda we sebitlerde ähli zerur şertler üpjün edilen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň we şäherçeleriň gurluşyklary amala aşyryldy, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, saglygy goraýyş we senagat desgalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, geçen ýylyň iýunynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäherini şeýle taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Gün-günden gözelleşýän, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabat hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň adam eli bilen döredilen ajaýyp nyşany bolmagynda galýar. Döwlet tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan giň gerimli taslamalaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Arkadag şäheriniň desgalary we paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlary bar.
Döwletiň bilime we ylma berýän goldawy ýylsaýyn artýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň, orta hünär bilim edaralarynyň sany ep-esli artdy. Şolaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurlan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik merkezi, ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary bar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýolbaşçy işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň paýtagtymyzda açylan binalar toplumy hem bar.
Özygtyýarly döwletimiz saýlap alan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna üýtgewsiz eýerýär. Geçen iki ýylyň dowamynda Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar we işewür toparlaryň wekilleri bilen köp sanly duşuşyklary geçirildi. Halkara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň sebitdäki goňşulary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze sahypany açan ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi hem-de möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygynyň aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyz onda eden çykyşynda sebitde we dünýäde özara ynanyşmagy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wajyp teklipleri öňe sürdi. Türkmenistan energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin zerur tagallalary edýär. Ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan işler dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar.