Winni Puh baradaky gorky filmi ýylyň iň ýaramaz filmi diýlip yglan edildi

  • 12.03.2024 14:57
  • 19k+

«Winni Puh: Gan we bal» atly gorky filmi kino pudagynyň iň erbet işi üçin berilýän «Altyn malina» anti-baýragynda birbada bäş ugurda ýeňiji boldy. Baýrak gowşurylyş dabarasyndan wideo YouTube-da ýerleşdirildi.

Film «Iň erbet film», «Iň erbet prikwel, remeýk we sikwel», şeýle hem «Iň erbet ssenariýa» ugurlary boýunça anti-baýraga mynasyp görüldi. Gorky filminiň awtory Ris Freýk-Woterfild «Iň erbet režissýor» boldy, ganhorlaryň keşbindäki Winni Puh we Ýemşijek «Iň erbet ekran jübüti» baýragyny aldy.
«Winni Puh: Gan we bal» filmi 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykdy. Filmiň ilkinji hepdesinde býujetinden 15 esse ýokary girdeji gazanyp, täsirli netije görkezendigi mälimdir.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......