Super Mario Bros. Movie filminiň dowamy resmi taýdan 2026-njy ýylda çykar

  • 12.03.2024 14:45
  • 2.1k+

Nintendo kompaniýasy “Super Mario Bros. älemine” esaslanýan täze filmiň 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde prokata çykjakdygyny habar berdi. Bu barada ixbt.com belleýär.

Filmiň prodýuserleri ýene-de Illumination-yň esaslandyryjysy we baş müdiri Kris Meledandri hem-de Super Mario Bros.-yň döredijisi Sigeru Miýamoto, režissýorlar Aaron Horwat we Maýkl Ýeleniç, ssenariýaçy Metýu Fogel bolar. Film Universal Pictures we Nintendo tarapyndan bilelikde maliýeleşdiriler, onuň dünýädäki prokaty bolsa Universal Pictures kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Anons 10-njy martda bellenilýän Mario gününde yglan edildi.
Häzirlikçe täze film barada jikme-jik maglumatlar ýok. Nintendo-nyň bellemegine görä, bu gezek Mario dünýäsini hasam giňeltmek, onuň wakasyny has öwüşginli we gyzykly etmek göz öňünde tutulýar.
Kris Meledandri: “Men biziň Super Mario Bros.-a gaýdyp gelýändigimizi habar bermäge şat. Tiz wagtdan biz animasiýa girişeris, siz ähli zadyň dogry bolmagy üçin biziň her bir ownuk zada üns berjekdigimize ynamly bolup bilersiňiz” diýip belleýär.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......