Hindistan “AI-ni ýurduň bähbidine işletmek” başlangyjyna 1,24 milliard dollar maýa goýar

  • 11.03.2024 23:51
  • 4.2k+

Hindistan ýurtda emeli aňy ösdürmegi maksat edinýän IndiaAI hökümet başlangyjyny işe girizýär. Bu maksat üçin, takmynan, 1,24 milliard dollar bölünip berler.

Hökümet AI pudagynda innowasiýalary çaltlaşdyrmak üçin toplumlaýyn ekoulgamy döretmegi meýilleşdirýär. Bu başlangyjyň çäklerinde azyndan 10 000 GPU-ly superkompýuter, şeýle hem IndiaAI innowasiýa merkezi dörediler.
Mundan başga-da, emeli aň programmalaryny ösdürmek üçin maksatnama işe giriziler. Döwlet bu ugurdaky başlangyçlary maliýeleşdirer we AI ugry boýunça bilim pudagyny güýçlendirer.
Hökümet IndiaAI-niň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde Hindistana emeli aň pudagynda gazanylanlary ulanmaga mümkinçilik berjekdigine bil baglaýar.
Türkmenistanyň hem emeli we beýleki ösen tehnologiýalar pudagynda öz ösüş merkeziniň boljakdygyny ýatladýarys. 2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli maksatlar üçin “Oguz han” ylmy-tehniki merkezini döretmek baradaky karara gol çekdi.


22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......