“Oskar-2024-de” haýsy filmler iň köp baýrak aldy? Ýeňijileriň doly sanawy

  • 11.03.2024 14:38
  • 13k+

Los-Anjelesde Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasynyň 96-njy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl dabarany alypbaryjy Jimmi Kimmel boldy, baýraklary bolsa Golliwud ýyldyzlary gowşurdy.

Dabarada iň köp baýrak alan film “Oppengeýmer” boldy. Kristofer Nolanyň bu filmi ýedi baýraga, şol sanda baş nominasiýalarda – iň gowy film, iň gowy režissýorlyk işi we iň gowy aktýor üçin baýraklara mynasyp boldy.
Ýorgos Lantimosyň “Betbagt biçäreler” filmi 4 baýrak bilen ikinji orny eýeledi. Ol Emma Stounyň aktýorlyk oýny, grim, egin-eşik we dizaýn üçin sylaglandy.
Şeýle-de, dabarada iň gowy dokumental film hökmünde Ukrainadan Mstislaw Çernowyň “20 gün Mariupolda” filmi saýlandy. “Barbi” komediýasyndan Billi Aýlişiň “What Was I Made for” aýdymy bolsa iň gowy aýdym üçin heýkel aldy.
Leonardo Di Kaprio bilen “Gül Aýynyň ganhorlary” we Hoakin Feniks bilen “Napoleon” hiç hili baýrak alyp bilmedi.

Ýeňijileriň doly sanawy:

  • Iň gowy film – “Oppengeýmer”;
  • Iň gowy režissýor – Kristofer Nolan (“Oppengeýmer”);
  • Iň gowy erkek keşbi -  Killian Mýorfi (“Oppengeýmer”);
  • Iň gowy zenan keşbi – Emma Stoun (“Betbagt biçäreler”);
  • Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi – Robert Dauni kiçi  (“Oppengeýmer”);
  • Ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi – Dawaýn Joý Rendolf (“Galdyrylanlar”);
  • Iň gowy adaptirlenen ssenariýa – Kord Jefferson (“Amerikan harsal eseri”);
  • Iň gowy original ssenariýa – Žýustin Trie, Artur Harari (“Ýykylmagyň anatomiýasy”);
  • Iň gowy halkara film – “Gyzyklanma zolagy” (Beýik Britaniýa);
  • Iň gowy dokumental film – “20 gün Mariupolda” (Mstislaw Çernow, Ukraina);
  • Iň gowy animasion film – “Oglan we guş” (Haýao Miýadzaki, Ýaponiýa);
  • Iň gowy operatorlyk işi – Hoýte wan Hoýtema (“Oppengeýmer”);
  • Iň gowy saz – Lýudwig Ýoransson (“Oppengeýmer”);
  • Iň gowy original aýdym – What Was I Made for? (“Barbi”);
  • Iň gowy montaž – “Oppengeýmer”;
  • Iň gowy hudožnik-režissýor işi – “Betbagt biçäreler”;
  • Iň gowy egin-eşik hudožniginiň işi – “Betbagt biçäreler”;
  • Iň gowy grim we saç bezegi – “Betbagt biçäreler”;
  • Iň gowy ses – “Gyzyklanma zolagy”;
  • Iň gowy wizual effektler – “Godzilla: minus bir”;
  • Iň gowy gysga metražly oýun filmi – “Genri Şugaryň ajaýyp wakasy” (The Wonderful Story of Henry Sugar);
  • Iň gowy gysga metražly dokumental film – “Soňky abatlaýyş ussahanasy” (The Last Repair Shop);
  • Iň gowy gysga metražly animasion film – “Uruş gutardy! Jonyň we Ýokyň sazyndan ylham alan” (War is Over! Inspired by the Music of John & Yoko).  

21.02.2026 16:26
2.4k+

«Rolling Stone» XXI asyryň iň gowy «Oskarly» aktrisalarynyň atlaryny mälim etdi

«Rolling Stone» žurnaly XXI asyrda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktrisalaryň reýtingini düzdi. Sanaw taýýarlanylanda redaksiýa aktrisalaryň kino sungatyna goşan umumy goşandyna däl-de, hut olaryň baýrak getiren filmlerdäki işleriniň hiline baha berdi...

31.01.2026 14:04
2k+

«Oskar» dabarasynda diňe iki aýdym janly ýerine ýetiriler

15-nji martda geçiriljek «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda «Iň oňat özboluşly aýdym» ugry boýunça dalaşgär görkezilen bäş aýdymyň diňe ikisi janly görnüşde ýerine ýetiriler. Bu barada Variety neşiri Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň hatyna salgylanyp habar berýär...

23.01.2026 10:03
3.1k+

«Oskar» baýragyna dalaşgärler yglan edildi: «Günäliler» filmi 16 baýrak üçin göreşer

Los Anjelesde 98-nji Oskar baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Bu gezek «Günäliler» («Грешники») honnor filminiň 16 ugurda dalaşgär bolmagy «Oskar» üçin rekord derejedir. Mundan öň iň köp dalaşgärlige mynasyp bolan filmler - «Ähli zat Ýewa hakda» («Все о Еве»), «Titanik» we «La La Lend» filmleridi (14 nominasiýada)...

19.12.2025 15:28
4.3k+

2029-njy ýyldan başlap «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy YouTube-da ýaýlyma berler

YouTube 2029-njy ýyldan 2033-nji ýyl aralygynda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk aldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy wideohosting bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi...