Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdesi boldy

  • 11.03.2024 08:39
  • 14k+

Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany O.D.Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň ýolbaşçylygyna bellenildi. Ol ESA-nyň astronawty daniýaly Andreas Mogensenden HKS-iň açaryny kabul etdi.

Mogensen Kononenko açary gowşuranda: «Oleg, sen kosmosda müň güne tarap barýarsyň. Halkara kosmos stansiýasy barada aýdylanda, senden has tejribeli adam ýok bolsa gerek. Şonuň üçin men açary iň ygtybarly gollara tabşyrýaryn» diýip belledi.
Oleg Kononenko häzirki wagtda kosmosa uçuşlarynyň umumy dowamlylygy boýunça dünýä rekordynyň eýesidir. 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda onuň kosmosda geçiren wagty müň güne, ýyllyk ekspedisiýanyň ahyrynda bolsa 1100 güne çenli ýeter. Hatda Oleg Kononenko 21-nji iýunda kosmosda 60 ýaşyny bellär. Ol 4-nji fewralda kosmosda 878 gün geçiren Gennadiý Padalkanyň rekordyny täzeledi.


şu gün 11:32
148

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......