Skoda täze krossoweriniň ilkinji suratlaryny paýlaşdy

  • 10.03.2024 23:25
  • 6.7k+

Çehiýanyň Skoda kompaniýasy ýakyn wagtda bazarda peýda boljak täze krossoweriniň suratyny görkezdi.

Gürrüň tanyşdyrylyş dabarasy 15-nji martda geçiriljek elektrik krossoweri barada barýar. Awtoulag öndürijisi hiç hili goşmaça maglumat bermedi. Suratdan çen tutsak, täze Skoda modelinde relýefli kapot, yşykly logotip, egri ýagtylyk elementleri bolan çyralar we olary birleşdirýän LED zolak bolar. Şeýle hem awtoulag giň teker arkalary we üçeginde reýling bilen üpjün ediler.
Kompaniýada munuň konseptual modeldigini we onuň esasynda önümçilik maksatly ulagyň köpçülikleýin öndüriljekdigini aýtdylar. Awtoulagyň bazara çykaryljak takyk senesi mälim edilmedi.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....