Honor Magic6 Ultimate flagman smartfonynyň dizaýnyny görkezdi

  • 10.03.2024 23:19
  • 4.9k+

Honor kompaniýasy indiki flagman smartfony - Magic6 Ultimate-iň dizaýnyny mälim etdi. Enjamyň ilkinji tizeri kompaniýa tarapyndan sosial ulgamlarda neşir edildi diýip, iXBT portaly habar berýär.

Paýlaşylan tizerden çen tutsaň, Honor Magic6 Ultimate adaty bolmadyk inedördül şekilli kamera bölümi bilen üpjün ediler. Täze önüm 18-nji martda Hytaýda geçiriljek ýörite çärede tanyşdyrylar, bu ýerde fewral aýynyň ahyrynda yglan edilen Honor Magic6 RSR Porsche Design we Honor MagicBook Pro 16 noutbugy hem görkeziler.
Honor Magic6 Ultimate has güýçli aýratynlyklary bolan we täzeden dizaýn edilen Magic6 Pro smartfonynyň kämilleşdirilen görnüşidir.
Asyl Magic6 Pro modeli 6,8 dýuýmlyk LTPO OLED ekrany, Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 çipi, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat we 256 GB-dan 1 TB çenli goşmaça ýat bilen üpjün edilendir. Smartfonda üç kamera bar: 50 MP durulykly esasy kamera, 180 MP 2,5 esse ulaldýan  periskoply teleobýektiw we 50 MP ultra giň burçly modul. Öň tarapynda 50MP selfi kamerasy we 3D-ToF datçigi bar.


18.06.2026 11:17
4.7k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....