Kristofer Nolan “Oppengeýmer” üçin kino taryhynda rekord gonorar aldy

  • 10.03.2024 09:46
  • 11k+

“Forbes” neşiriniň žurnalistleri režissýor Kristofer Nolanyň baş keşbi Killian Mýorfiniň ýerine ýetirmegindäki “Oppengeýmer” filminden, takmynan, 72 mln dollar gazanandygyny habar berdiler. Bu kinematografyň taryhynda režissýorlaryň arasynda iň uly gonorarlaryň biridir diýip, championat.com belleýär.

Nolan şeýle mukdary filmiň girdejisiniň 15%-ini almaga mümkinçilik berýän Universal Pictures bilen şertnamanyň netijesinde gazandy. Bellenilişi ýaly, režissýoryň girdejisi geljekde hasam artar, sebäbi film dürli akym platformalarynda çykar we ygtyýarlandyrylar.
Ýatlap geçsek, bu film atom bombasyny dörediji hasaplanýan amerikaly fizik Robert Oppengeýmeriň durmuş wakasyny gürrüň berýär. “Oppengeýmer” dünýä prokatynda 957 mln dollardan gowrak girdeji gazandy, bu hem oňa 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň üçlügine goşulmaga mümkinçilik berdi.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......