Ewereste çykýan alpinistler ýany bilen çip dakynyp gitmäge borçlandyryldy

  • 10.03.2024 09:44
  • 8.9k+

Nepalyň hökümeti halas ediş işlerini ýeňilleşdirmek üçin Ewereste çykylanda alpinistlere çip dakynmagyny hökmany diýip belledi. Bu barada ýurduň syýahatçylyk departamentiniň müdiri Rakeş Gurunga salgylanyp, TASS habar berýär.

“Bu çipler halas ediş işlerini ýeňilleşdirmäge kömek eder. Olar öň Nepalyň dürli agentlikleri tarapyndan ulanyldy, ýöne olaryň dakylmagy hökmany däldi, şu möwsümden başlap (aprel aýynda başlar – TASS) bu düzgün Ewerest dagyna çykmak üçin hökmany bolýar” – diýip, Gurung belledi.

Onuň aýtmagyna görä, hökümet eýýäm bu düzgüni Nepalyň beýleki depeleri üçin hem ýaýratmagy meýilleşdirýär, sebäbi “hadysalar diňe bir Ewerestde bolmaýar”. Häkimiýetler çipleriň halas ediş işlerini has netijeli we arzan etmegine bil baglaýarlar.
Gurung çibiň haýsy görnüşiniň ulanyljakdygyny aýtmady, ýerli HBS-iň maglumatlaryna görä, bular transmitter signalyny kabul edip, ony çeşmä gaýtaryp bermäge ukyply ýönekeý çipler bolup biler. Şeýle detektoryň hereket radiusy, takmynan, 200 m barabar. Olaryň agramy birnäçe gram bolup, egin-eşige ýa-da esbaplara berkidilip bilner. Olaryň bahasy 10-15 dollar.


düýn 19:36
4.3k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......