Werstappen Saud Arabystanynyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 10.03.2024 09:06
  • 3k+

"Red Bull-yň" niderlandly sürüjisi Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň Jidda şäherinde geçirilen Saud Arabystanynyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy.

Werstappen 1.20.43,273 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny "Red Bulluň" meksikaly sürüjisi Serhio Peres eýeledi (yza galyş 13,643 sekunt). Üçünji bolup pellehana "Ferrariden" Şarl Lekler geldi (+18,639).
Şeýle-de, ýaryşyň jemi boýunça şular utuk gazandy: 4. Oskar Piastri ("Maklaren"), 5. Fernando Alonso ("Aston Martin"), 6. Jorj Rassell ("Mersedes"), 7. Oliwer Berman ("Ferrari"), 8. Lando Norris ("Maklaren"), 9. Lýuis Hemilton ("Mersedes"), 10. Niko Hýulkenberg ("Haas").
"Ferrariniň" sürüjisi Karlos Saýns körçege sebäpli geçirilen operasiýadan soň ýaryşy sypdyrdy. Onuň deregine 18 ýaşly Berman çykyş etdi.
"Formula-1-iň" indiki tapgyry 22-24-nji martda Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçiriler.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

22.05.2026 07:24
9.9k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....