OMOUS-2024 halkara matematika olimpiadasynyň netijeleri jemlendi

  • 09.03.2024 16:06
  • 10k+

8-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Matematika boýunça IV Halkara açyk olimpiadanyň (OMOUS) netijeleri jemlenildi. Oňa 8 döwletden 500-den gowrak talyp, şol sanda, Türkmenistandan 390 talyp we Özbegistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Bolgariýadan, Ispaniýadan, Saud Arabystanyndan we Indoneziýadan ýüzden gowrak talyp gatnaşdy diýip, HHM habar berýär.

Olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Olimpiadada türkmen talyplary 191 medal gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz bäsleşigiň ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sine, kümüş medallaryň 51-sine, bürünç medallaryň bolsa 104-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medaly eýelediler. Şeýle-de özbegistanly talyplar 57, russiýaly ýaşlar 26, bolgariýaly myhmanlar bolsa 8 medal gazandylar. Ispaniýaly talyba 1 altyn, şeýle-de Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan gelen talyp wekiliýetleriniň hersine 1 bürünç medal eýelemek başartdy.


28.06.2026 23:39
3.9k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......