Entoni Joşua ikinji raundda Frensis Ngannudan üstün çykdy

  • 09.03.2024 10:36
  • 14k+

Agyr agramda dünýäniň öňki çempiony Entoni Joşua (Beýik Britaniýa) bilen agyr diwizionda UFC-niň guşagynyň öňki eýesi kamerunly Frensis Ngannunyň arasyndaky söweş ikinji raundda Joşuanyň nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.

Birinji raundda Ngannu nokdaun ýagdaýyna düşdi. Ikinji raundyň başynda Joşua kamerunly boksçyny ýene-de nokdauna gidirdi, ýöne ol söweşi dowam etdirmäge synanyşdy. Täze nokdaundan birnäçe sekuntdan soň emin söweşi saklady.
Ýatlap geçsek, Entoni Joşua bilen söweş Frensis Ngannu üçin ikinji professional boks söweşi boldy. Ol 2023-nji ýylyň başynda UFC-ni terk etdi, 28-nji oktýabrda bolsa WBC-niň agyr agramda dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri bilen özüniň ilkinji boks düzgünleri boýunça professional söweşine çykdy. Duşuşyk 10 raund dowam etdi we emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde Fýuriniň ýeňmegi bilen tamamlandy.


01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....