Arheologlar neandertallar tarapyndan taýýarlanan 40 müň ýyl ozalky çylşyrymly ýelimi tapdylar

  • 08.03.2024 17:17
  • 14k+

Neandertallar ýelim döretmegiň çylşyrymly tehnologiýalaryny ele alyp bilipdirler. ABŞ-dan we Germaniýadan Halkara arheologlar topary 40-120 müň ýyl ozal ýaşap geçen neandertallaryň daş gurallaryny döretmek üçin iki komponentli ýelim ulanandygyny anykladylar. Bu açyşa Science Advances (SciAdv) ylmy žurnalynda neşir edilen gözleg bagyşlandy.

Alymlar Fransiýanyň Le-Mustýe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan gazawylarda we pyçaklarda ohra bilen bitumyň garyndysynyň yzlaryny tapdylar. Öň, “himiki önümçilikde” şeýle başarnyklar diňe Homo Sapiens-e degişli hasap edilýärdi.

“Bu açyş biziň neandertallar baradaky düşünjämizi üýtgedýär: olar biziň pikir edişimizden has akylly we medeni taýdan has ösen ekenler” diýip, ylmy toparyň ýolbaşçysy Patrik Şmidt belleýär.

Şol döwürlerde ohrany we bitumy gazyp almak uly güýç we meýilnama talap edýärdi. Neandertallar öz zähmet gurallaryny kämilleşdirmek üçin muny maksatly ýerine ýetiripdirler.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....