Netflix “Awatar: Aang hakynda rowaýaty” ikinji we üçünji möwsümlere uzaltdy

  • 08.03.2024 17:10
  • 5.9k+

Netflix akym hyzmaty “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialyny iki goşmaça möwsüme resmi taýdan uzaltdy. Olar serial üçin soňky möwsümler bolar. Bu barada film.ru habar berýär.

Taslama strimingde 22-nji fewralda ilkinji gezek görkezildi we oňa 41 milliondan hem köp gezek tomaşa edildi. “Aang hakynda rowaýat” Nickelodeon-yň adybir serialyna esaslanýar. Sýužet boýunça dünýäde dört tebigy hadysa: oda, suwa, ýere we howa erk edýän halklar bar. Ot halkynyň wekili beýleki halklary boýun egdirmek isleýär. Urşy diňe ýaş Aang (Gordon Kormýe) saklap biler. Ol dostlary bilen bilelikde howply syýahata ugraýar.
“Awatarda” Kiawentino, Ien Ausli, Dallas Lýu we Deniel De Kim hem surata düşdi. Şouranner hökmünde Albert Kim çykyş etdi.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......