Braziliýadaky alymlar laboratoriýa şertlerinde ýetişdirilen GMO çybynlary arkaly denge ysytmasyna garşy göreşýärler

  • 08.03.2024 15:57
  • 12k+

Braziliýa denge ysytmasynyň rekord derejede ýaýramagy bilen göreşýär. 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda milliondan gowrak ýokuşmanyň hasaba alnandygy habar berildi, bu 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 226% köpelendigini aňladýar. Käbir şäherlerde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

“Hi-Tech” portalynyň habaryna görä, bu ýagdaýa garşy saglyk edaralary keseliň ýaýramagyna gözegçilik etmegiň düýpgöter üýtgeşik usulyna ýüzlendi - Oxitec biotehnologiýa kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen, genetiki taýdan üýtgedilen Aedes aegypti çybynlaryny goýberdi.
Erkinlige goýberilen GMO-erkek çybynlar ýabany urkaçy çybynlar bilen çaknyşdyryldy. Üýtgedilen çybynlardaky gen ähli urkaçy nesilleriň kämillik ýaşyna ýetmenkä ölmegine sebäp bolýar we şeýlelik bilen, potensial ýokanç ýaýradyjylaryň  köpelmeginiň öňi alynýar.
Denge ysytmasynyň diňe A. aegypti urkaçy çybynlarynyň çakmagy arkaly ýokuşýandygy mälimdir.
Oxitec taslamasy Braziliýanyň birnäçe şäherlerinde, şol sanda San-Paulu ştatynyň Suzano şäherinde durmuşa geçirilýär, bu şäherde 2024-nji ýylyň fewral aýynda denge ysytmasy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.
2021-nji ýylda ABŞ-da şuňa meňzeş taslama üstünlikli amala aşyryldy, genetiki taýdan üýtgedilen A. aegypti çybynlary ýabany, kesel ýaýradyjy çybynlaryň sanyny azaltmak üçin Florida-Kise goýberilipdi diýip, Nature ylmy portaly ýazýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....