Microsoft Windows 11-de ykjam programmalary goldamagy bes eder

  • 08.03.2024 15:54
  • 1.7k+

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Microsoft Windows 11-de Android programmalaryny resmi taýdan goldamagy bes eder. Kompaniýa ulanyjylaryň tamasyny ödemedik Subsystem for Android taslamasyny ýapýar.

Subsystem for Android Amazon Appstore arkaly Android programmalaryny kompýuterde işletmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de bolsa, The Verge neşiriniň belleýşi ýaly, hyzmat durnukly işlemeýärdi we Google Play Store-a girip bolmaýardy.
Windows 11-iň tanyşdyrylyş dabarasynda Android programmalaryny işletmäge mümkinçilik berýän tehnologiýa operasion ulgamynyň esasy aýratynlyklaryndan biri hökmünde görkezildi. Microsoft-yň hyjuwly sözlerine garamazdan, Windows 11-iň ykjam işlemegi ulanyjylary özüne çekmedi. Subsystem for Android programmasy Microsoft Store gözleginde eýýäm gizlenendir.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...