25 ýyllyk ýubileýine gabatlanyp «Ahyrky nokat» (Final Destination) filminiň dowamy çykar

  • 09.03.2024 15:17
  • 10k+

Meşhur “Ahyrky nokat” (Final Destination) horror-franşizasynyň dowamy çykar. Bloody Disgusting portalynyň habar bermegine görä, “Gan baglary” atly altynjy filmiň surata düşürilişi mart aýynyň başynda başlandy.

Filmiň ilkinji görkezilişini 2025-nji ýylda - franşizanyň 25 ýyllygyna gabatlap guramak meýilleşdirilýär. Taslamanyň režissýorlary “Beýlekiler” filmindäki işleri we “Kim – goşmak bäş” filminiň ekranlaşdyrylmagy bilen tanalýan Zak Lipowskiý we Adam B.Steýndir.
Täze filmiň sýužet jikme-jiklikleri häzirlikçe gizlin saklanýar. Diňe öňki bölümlerde bolşy ýaly, “Ahyrky nokat: Gan baglarynda” bir topar elhenç wakalara we düşnüksiz ölümlere duçar boljak ýaşlaryň topary hakda gürrüň beriljekdigini bilýäris.
Franşizanyň öňki, bäşinji bölümi 2011-nji ýylda çykypdy.


şu gün 20:49
167

M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi

Režissýor M.Naýt Şýamalanyň ýazyjy Nikolas Sparks bilen bilelikde döreden hekaýasyna esaslanýan täze filmi 2027-nji ýylyň Walentin gününe gabatlanyp ekranlara çykar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär...

şu gün 18:20
679

Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi

Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär...

şu gün 13:15
1.3k+

Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer

Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi...

şu gün 03:08
1.5k+

Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Apple TV+ platformasy «Monarh: Nägehanlaryň mirasy» («Монарх: Наследие монстров») serialynyň ikinji möwsüminiň täze treýlerini görkezdi. Kadrlardan görnüşi ýaly, serialyň gerimi has giňeldi: Godzilla we King-Kong indi wakanyň esasy hereketlendiriji güýçlerine öwrüler...