Ýaşalmaýan adadaky robot. DreamWorks “Ýabany robot” multfilminiň treýlerini hödürledi

  • 08.03.2024 13:30
  • 3.5k+

DreamWorks Animation studiýasy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda dünýäniň kinoteatrlarynda görkeziljek “Ýabany robot” multfilminiň treýlerini hödürledi.

Onuň ýordumy Piter Braunyň adybir kitabyna esaslanýar we ýaşalmaýan adada heläkçilige uçran Roza atly kömekçi robot hakda gürrüň berýär. Roza ol ýerde adam-gara gabat gelmese-de, ýöne haýwanlar bilen dostlaşýar, olaryň dilini öwrenýär we täze durmuşa başlaýar.
Wideo Universal Pictures YouTube kanalynda elýeterlidir.
Multfilmiň edebi esasyny ýazan we režissýory “Lilo we Stiç”, “Şa ýolbars”, “Mulan” we “Aždarhany nädip eldekileşdirmeli?” ýaly filmleri bilen tanalýan Kris Sandersdir.
Treýlerde adanyň owadan görnüşleri, täsin haýwanlar we Roza bilen onuň täze dostlarynyň arasyndaky tolgundyryjy dostlukly pursatlar görkezilýär.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......