Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek baýramçylyk çäreleri barada aýdyldy

  • 08.03.2024 09:58
  • 5.5k+

Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şunuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäheri boýunça baýramçylyk dabaralaryny, degişlilikde, welaýat merkezlerindäki “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabaralaryň ählisinde türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi aýdyň beýanyny tapar.


şu gün 14:47
1.3k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......