"Dýunanyň" režissýory sanalgysy dolup barýan adamyň arzuwyny hasyl etdi

  • 07.03.2024 23:10
  • 18k+

Režissýor Deni Wilnýow hospisde sanalgysy dolup barýan hassanyň arzuwyny amala aşyrdy diýip, The Washington Post neşiri habar berýär.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Kwebekdäki hassahananyň düýbüni tutujy Žoze Ganýon hassalaryň biriniň arzuwyny amala aşyrmagyny haýyş edip režissýor Deni Wilnýowa ýüz tutdy. “Dýuna”-nyň uly muşdagy, ömrüniň soňky günlerini ýaşaýan 50 ýaşly bir adam dünýäden ötmezden ozal filmiň ikinji bölümini görmegi arzuw edýändigini boýun aldy.
Ganýon başda režissýordan filmleriniň muşdagyna minnetdarlyk bildirýän wideo ibermegini haýyş edendigini, ýöne Wilnýow bilen onuň aýalyny (filmiň prodýuseri) bu haýyşyň “diýseň tolgundyrandygyny” aýdýar.

"Olar maňa:" Filmleriň hut şular ýaly adamlar üçin düşürilýändigini"- aýtdylar diýip, Ganýon Wilnýow bilen bolan söhbetdeşligi gürrüň berýär. Režissýor hassanyň filme tomaşa etmegi üçin ony Monreal şäherine getirmegi guramagy teklip etdi, ýöne onuň ýagdaýy muňa mümkinçilik bermeýärdi. Şonuň üçin 16-njy ýanwarda Wilnýowyň kömekçisi hospise heniz çykmadyk “Dýuna. Ikinji bölüm” filminiň göçürmesi bolan noutbuk eltdi.

Filme tomaşa etmekligi tutulary goýberilen otagda guradylar. Oňa gatnaşanlar muny aýan etmezlik hakyndaky resminamalara gol çekdiler we syzylmazlygy üçin telefonlaryny wagtlaýyn tabşyrdylar.
Hassa üç sagatlyk filmiň diňe ýarysyna tomaşa edip bildi, soň ýagdaýy erbetleşdi. Ol birnäçe günden soň aradan çykdy.

"Ol filmiň syryny özi bilen alyp gitdi" – diýip, soň Ganýon ýazdy.

“Dýuna”-nyň ikinji bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji martynda dünýä prokatyna çykdy we Demirgazyk Amerikada ýylyň iň üstünlikli filmi boldy.


düýn 15:20
2.5k+

Keýt Winslet "Ýüzükleriň hökümdary" filmindäki "Gollumyň awynda" surata düşer

Britaniýaly aktrisa Keýt Winslet ("Titanik", "Okyjy") "Ýüzükleriň hökümdary" äleminde täze taslama bolan "Gollumyň awynda" surata düşer. Bu barada Deadline neşiri habar berdi. “Oskar” baýragynyň eýesiniň haýsy keşbi ýerine ýetirjegi heniz tassyklanmady...

düýn 11:04
776

Universal meşhur Bon Jovi rok-topary barada film düşürer

Universal studiýasy Bon Jovi rok-toparynyň taryhy barada film düşürmek hukugyny aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Filmiň ssenarisini «Satoşini öldürmek» («Убить Сатоши») trilleri bilen tanalýan Kodi Brotter ýazar...

düýn 07:16
1.4k+

Barbra Streýzanda Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasy» gowşurylar

Amerikan aktrisasy we aýdymçysy Barbra Streýzand Kann kinofestiwalynda hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berdiler. Baýrak onuň kino we saz sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylar...

12.03.2026 21:12
1k+

Kwentin Tarantino teatrda ilkinji gezek komediýa farsy bilen çykyş edýär

Kwentin Tarantino özüniň ilkinji teatr oýnuny taýýarlaýar. Režissýor "köne britan farsy" žanryndaky sahna oýnunyň üstünde işleýär diýip, Variety neşiri habar berýär . Ilkinji görkezilişini 2027-nji ýylda Londonda geçirmek meýilleşdirilýär...