Hindistan özüniň ilkinji kosmos stansiýasyny gurar

  • 07.03.2024 17:43
  • 4.7k+

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) özüniň ilkinji kosmos stansiýasyny işläp düzmäge başlady. Ol “Bharatiýa Antarikş” (“Hindi kosmos stansiýasy”) adyny alar diýip, NDTV habar berýär.

Modullaryň uçurylyşy eýýäm ýakyn ýyllarda başlar, stansiýanyň özi bolsa 2035-nji ýyla çenli taýýar bolar. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ISRO-nyň öňünde uly maksat goýdy: Russiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan soň öz hususy kosmos stansiýasy bolan dördünji ýurt bolmak.
“Bharatiýa Antarikş” stansiýasy 2-4 astronawta niýetlener. Ony mikrograwitasiýa boýunça tejribeleri, astrobiologiki gözlegleri geçirmek hem-de Aýda ýaşamak mümkinçiligini öwrenmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.
Stansiýanyň agramy 20 – 400 tonna aralygynda bolup biler. Ol dört moduldan, 4 jübüt Gün panelinden we ekipažy ewakuasiýa etmek ulgamyndan ybarat bolar.
Komponentleri orbita uçurmak üçin Hindistanyň iň kuwwatly raketasy – Bahubali ýa-da Mark 3 ulanylar.
Şeýle-de, Hindistan 2040-njy ýyla çenli ilkinji hindistanly astronawty Aýa ibermegi meýilleşdirýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....