“Jon Uik” we “Alagaraňkylyk” filmleri esasynda serial çykarylar

  • 07.03.2024 10:30
  • 8.2k+

Lionsgate studiýasy iň üstünlikli franşizalary – “Jon Uik” we “Alagaraňkylyk” esasynda serial surata düşürer. Bu barada kompaniýanyň başlygy Maýkl Berns aýtdy diýip, Deadline habar berýär.

“Biz “Alagaraňkylyk” boýunça animirlenen serial surata düşüreris, meniň pikirimçe, oňa gyzyklanma köp bolar. Şeýle-de, biz “Jon Uik” franşizasynyň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýäris. Bu telewizion taslama bolup biler” – diýip, Berns belledi.

“Alagaraňkylyk” franşizasynyň esasynda serial düşüriljekdigi heniz 2023-nji ýylyň aprel aýynda belli boldy. Stefani Maýeriň kitaplaryna esaslanýan bu franşiza 2012-nji ýylda “Alagaraňkylyk. Saga. Säher. Bölüm II” filmi bilen tamamlandy. Bu film dünýä prokatynda 3,4 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy. Baş keşpleri Kristen Stýuart, Robert Pattinson, Teýlor Lotner ýerine ýetirdi.
“Jon Uigiň” dördünji bölümi 2023-nji ýylyň mart aýynda çykdy. Ol Kianu Riwziň killer keşbindäki işiniň soňlanmasy boldy. Geçen ýylyň noýabr aýynda franşiza esasynda anime düşüriljekdigi barada habar peýda boldy.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......