«Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň iýunynda çykar

  • 07.03.2024 10:27
  • 7.5k+

HBO akym hyzmatynyň «Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň iýun aýynda çykar. Bu barada Variety habar berdi.

Täze möwsümiň goýberiljek senesi Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň global akym we oýunlar boýunça baş direktory Jeý Bi Perret tarapyndan 4-nji martda geçirilen Morgan Stanley Technology, Media and Telecom maslahatynda yglan edildi. Ikinji möwsümiň şu tomus tomaşaçylara elýeterli boljakdygy öňem mälimdi.
Häzirki wagtda serialyň çykjak takyk senesi gizlin saklanýar.
«Aždarhanyň öýi» meşhur «Tagt oýunlary» serialynyň prikwelidir. Onuň sýužeti Jorj R.R.Martiniň Targariýenler nesilşalygynyň pese gaçmagy barada gürrüň berýän «Alaw we gan» atly kitabynyň aýry-aýry bölümlerine esaslanýar.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......