Angliýada 390 million ýyllyk daşa öwrülen agaç galyndysy tapyldy

  • 06.03.2024 23:54
  • 7.7k+

Kembrij uniwersitetiniň britaniýaly alymlary şu güne çenli tapylan iň gadymy tokaý galyndysyny ýüze çykardylar. Takmynan, 390 million ýyl ýaşy bolan we dewon döwrüne degişli bolan galyndylar Angliýanyň günorta-günbataryndaky Hengmen çägesöw gatlagyndan tapyldy. Bu gözleg barada Journal of the Geological Society (JGS) atly ylmy neşirde çap edildi.

Işiň ýolbaşçysy Nil Dewisiň bellemegine görä, gadymy tokaý kladoksilopsid diýlip atlandyrylan we häzirki wagtda ýok bolup giden ösümlik görnüşinden ybarat bolupdyr. Ol gyrymsy agaçlar we sfenopsidler bilen ýakyndan baglanyşykly bolup, palma agaçlaryna meňzäpdir, ýöne olar bilen hiç hili umumylygy ýokdur.

«Bular boýy iki-dört metre ýetýän şahaly we täçli agaçlar bolupdyr, ýagny tokaý biraz pes bolupdyr» diýip, Dewis belledi.

Agaçlaryň galyndylary çökündiler bilen doldurylan içi boş sütünler we gaýalaryň agramy bilen mynjyran görnüşde saklanyp galypdyr. Agaçlarda şahalaryň ösýän ýerleriniň yzlary saklanyp galypdyr.
Arheologlaryň bellemeklerine görä, olaryň açyşlary Ýeriň ýüzünde takmynan 390 million ýyl ozal tokaý gurşawynyň çalt depginde ösüp başlandygyny görkezýär.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......