Porsche iň kuwwatly Taycan ulagyny döretdi

  • 06.03.2024 23:56
  • 3.9k+

Tanyşdyryş dabarasynyň öňüsyrasynda Porsche Taycan elektromobiliniň iň kuwwatly nusgasynyň suratyny çykardy. «Ähli döwürleriň iň kuwwatly Taycan-y» Nýurburgringiň Demirgazyk aýlawyny 7 minut 7 sekuntda geçen sport awtoulagynyň önümçilik maksatly nusgasydyr diýip, Motor1 neşiri ýazýar.

Taycan elektromobiliniň täze nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny 11-nji martda geçirmek meýilleşdirilýär. Paýlaşylan suratda awtoulagyň Taycan-yň önümçilik maksatly görnüşlerinden yzky böleginde uly göwrümli antiganatyň bolmagy bilen tapawutlanýandygy görünýär. Taycan awtoulagynyň sport prototipi Demirgazyk aýlawy ozal tanyşdyrylan iň kuwwatly Porsche Taycan S-den 26 sekunt çalt we Tesla Model S Plaid amerikan ulagyndan 17,6 sekunt öňde tamamlamagy başardy.
Awtoulag öndürijisi täze ulagyň tehniki aýratynlyklaryny aýan etmeýär, ýöne onuň esasy bäsdeşi Tesla Model S Plaid-iň kuwwaty 1020 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bar. Täze Taycan-yň hem onuňky bilen deňeçer kuwwaty bolup biler.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......