TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky böleginiň meýilnamalarynyň üstünde işleýär

  • 06.03.2024 23:47
  • 10k+

Owganystanyň çäginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň bir böleginiň gurluşygyna taýýarlyk görülýär.

Bu tapgyrda Owganystandaky döwlet edaralary bilen Hyrat welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň 150 kilometrlik bölegini gurmak strategiýasyny durmuşa geçirmek meýilnamalary boýunça işler alnyp barylýar, bu geçirijiniň gurulmagy ýerli senagat kärhanalaryny we raýat hojalygyny türkmen tebigy gazy bilen üpjün eder. Muny «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň direktory Muhammetmyrat Amanow Aşgabatdaky türkmen-owgan işewürler forumynda aýtdy diýip, ORIENT habar berýär.
M.Amanow türkmen tarapy, Hyrat welaýatynda senagat kärhanalary we öý hojalygy üçin gaz paýlaýyş torlaryny meýilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde owgan tarapyna tehniki kömek bermegini dowam etdirýär diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Türkmengaz” döwlet konserni bu gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän 214 kilometrlik böleginiň gurluşygyny tamamlady we ony ulanyşa doly taýýarlady.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...