Instagram-da öz habarlaryňy redaktirlemek mümkinçiligi peýda boldy

  • 06.03.2024 18:13
  • 2.8k+

Instagram ulanyjylary indi iberilenden soň 15 minutyň içinde şahsy habarlaryndaky ýalňyşlyklary düzedip bilýärler. Bu funksiýa Instagram-a eýeçilik edýän Meta kompaniýasy tarapyndan anons edildi diýip, gagadget.com habar berýär.

Öň, eger ulanyjy öz habaryny üýtgetmek islese, ony bozup, täzeden ibermeli bolýardy. Indi redaktirleme menýusynyň çykmagy üçin habaryň üstüne basyp saklamak ýeterlikdir. Ýöne çatda habaryň redaktirlenendigi görkeziler.
Mundan başga-da, Instagram şahsy habarlarda aragatnaşygy has gowulandyrmak üçin okalandygy baradaky duýduryşy ýakmak ýa-da öçürmek, çatlary berkitmek hem-de stikerler, GIF faýllar, wideo, foto we ses habarlary bilen jogap bermek ýaly funksiýalary goşdy.
Instagram çatlarynda redaktirleme funksiýasy Meta tarapyndan Messenger üçin ulanylandan birnäçe aý soň peýda boldy. Meta degişli bolan bu iki programmanyň arasynda birnäçe umumy funksiýalar bar.


19.06.2026 19:38
601

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....