Bezos 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýäde iň baý adam boldy

  • 06.03.2024 14:46
  • 10k+

Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi. Bu Bloomberg tarapyndan neşir edilen “Milliarderleriň indeksinden” gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Reýtinge görä, 2024-nji ýylyň 6-njy martyndaky ýagdaý boýunça Bezosyň baýlygy 197 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Onuň baýlygy bir günde 3,25 mlrd dollar azaldy. Ikinji orna LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno çykdy. Bir günde onuň baýlygy 195 mlrd dollara çenli azaldy.
Tesla kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri we X sosial ulgamynyň eýesi, telekeçi Ilon Mask üçlügi jemledi. Onuň baýlygy 192 mlrd dollara barabar. Bir günde ol 5,29 mlrd dollar ýitirdi.
Agentlik 2012-nji ýylyň mart aýyndan bäri dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy barada maglumatlary jemleýän Bloomberg Billionaries Index reýtingini neşir edýär.


düýn 10:45
2.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......