Futbol düzgünleriniň soňky üýtgeşmelerine gök duýduryş girizilmedi

  • 05.03.2024 13:46
  • 9.5k+

Halkara Futbol Federasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, gök duýduryş futbol düzgünleriniň soňky üýtgeşmelerine girizilmedi diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Şenbe güni Şotlandiýanyň Loh-Lomond sebitinde Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşiniň (IFAB) ýyllyk ýygnagy geçirildi. Mejlisde FIFA-nyň baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mattias Grafsterem IFAB-yň müdirler geňeşiniň täze başlygy hökmünde tassyklandy.
Şeýle-de, aşaky ligalaryň içerki ýaryşlarynda üç synag üçin teswirnamalar tassyklandy: belli bir ýagdaýlarda diňe toparyň kapitany emine ýüzlenip biler; emine toparlardan öz jerime meýdançasyna gitmegini talap etmäge mümkinçilik berýän “sowadyş döwrüniň” girizilmegi; derwezebanyň topy saklama wagtyny sekiz sekunta çenli uzaltmak, bolmasa topa eýe çykmak garşydaş topara geçýär.
Şeýle-de, IFAB FIFA-nyň eminiň wideo-kömek ulgamyna (VAR) seredenden soň ahyrky çözgüdini we delillendirmesini açyk yglan etmegini görkezýän tejribesini beýleki ýaryşlara ýaýratmak kararyna geldi.
Belläp geçsek, mejlisden öň FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gök duýduryşyň girizilmegine düýbünden garşy çykýandygyny aýdypdy. 


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......