Emeli aňdan Star Trek-iň kapitanynyň keşbini janlandyrmak soralanda ol özüniň matematika başarnyklaryny gowulandyrdy

  • 05.03.2024 13:24
  • 9k+

Amerikanyň VMware kompaniýasynyň alymlary Star Trek älemindäki gahrymanlaryň keşbinde ýüzlenilende, emeli aňly çat-botlaryň matematikada has gowy netijeleri görkezýändiklerini anykladylar.

Emeli aň modelleri grammatiki taýdan dogry we göräýmäge, baglanyşykly jogaplary öndürmekde ökde bolsa-da, takyk ylymlardaky mümkinçilikleri çäklidir. Olar iň ähtimal jogaby teklip etmek üçin statistiki seljermelere bil baglaýarlar, ýöne hemişe pikir ýöredip, ýeke-täk dogry çözgüde gelip bilmeýärler.
ArXiv-de neşir edilen täze gözlegler, "ownuk talaplary üýtgetmegiň" öndürijiligi ep-esli gowulaşdyryp biljekdigini görkezýär. Öňki işler "uludan dem al we ädimme-ädim işle" ýaly emeli aňa "kömegiň" takyklygy ýokarlandyryp biljekdigini eýýäm görkezdi.
Täze gözleg ýene bir açyş etdi: Star Trek kontekstinde soraglary düzmek nähilidir bir ýol bilen has gowy netijeleri berýär.
Gözlegçiler orta mekdebiň matematika boýunça meseleleriniň standart toplumyny ulanyp we kesgitlemeleri synag edip, üç sany emeli aň (AI) guralyny synagdan geçirdiler. Iň takyk jogaplar Star Trek we “Kapitanyň gündeligi, ýyldyz senesi ...” jümlesi agzalanda başlandy.
Star Trek bilen AI-niň kämilleşdirilen matematiki görkezijileriniň arasyndaky baglanyşyk gözlegçiler üçin syr bolup galýar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...