Toyota yzky okunyň döwülmek töwekgelçiliginiň barlygy sebäpli iň ygtybarly modellerinden birini yzyna çagyrýar

  • 05.03.2024 19:34
  • 10k+

Toyota dolandyryşyň ýitirilmegine sebäp bolup biljek yzky okunyň döwülmek töwekgelçiliginiň barlygy sebäpli, 2022-2023 model ýylynyň Tacoma pikaplarynyň 381 199 sanysyny yzyna çagyrýar. Carscoops-yň habaryna görä, bu model dürli gözlegleriň netijelerine görä, iň ygtybarlylaryň biri hökmünde ykrar edilipdi.

Mesele kebşirleýjiniň syçrantgylary stopor nurbatynyň üstki ýüzüne düşen bolmagynyň ähtimaldygydyr. Bu berkidijileriň gowşamagyna we ýarym okunyň jaýyndan çykmagyna sebäp bolup biler. Üpjün ediji Hino Motors Manufacturing USA-iň kebşirleýjiniň syçrantgylaryndan goragy dogry gurnamandygy ýüze çykaryldy.
Bu ulaglaryň sürüjileri titremäni duýup ýa-da ulagyň yzky böleginden adaty bolmadyk sesleri eşidip bilerler. Şeýle hem, diferensialdan ýagyň syzmagy bolup biler.
Eger ýarym oky çyksa, bu awtoulagyň durnuklylygyna we tormoz işine täsir eder heläkçiligiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.
Yza çagyryş 2022-nji ýylyň 2-nji maýyndan 2023-nji ýylyň 21-nji noýabry aralygynda ýygnalan Tacomalaryň hemmesine degişlidir, sebäbi Toyota bu näsazlyklaryň haýsy ulaglara täsirini ýetirjegini takyk anyklap bilmedi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......