Amazon emeli hemra internetini köpçülikleýin synagdan geçirmäge taýýarlanýar

  • 03.03.2024 23:19
  • 2.2k+

Amazon kompaniýasynyň Project Kuiper taslamasy ABŞ-nyň çäginde ýüzlerçe antenna prototipini synagdan geçirmek üçin rugsatnama aldy. Munuň özi ýurtda hemra interneti ulgamyndaky bäsdeşligi güýçlendirer. Bu Ilon Maskyň Starlink ulgamyna bäsdeşlik etmek maksady bilen döredilen hyzmat üçin möhüm ädimdir.

ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasy (FCC) Amazonyň 1000-e çenli antenna prototipini işletmek baradaky haýyşyny makullady. Şeýle-de bolsa, synag işleri tapgyrlaýyn esasda geçiriler. Aprel aýyndan başlap, alty aýyň dowamynda, şol bir wagtyň özünde 200-den köp bolmadyk antenna işlär.
Bu synaglar köpçülikleýin önümçilik başlamazdan öň antennalaryň işleýşini barlamaga mümkinçilik berer. Munuň özi Amazonyň taslamany durmuşa geçirmegiň soňky tapgyryna ýakynlaşýandygyny görkezýär.
Bahalar entek aýan edilmese-de, Amazon ozal üç görnüşli antenna döretmek meýilnamasyny mälim edipdi. Iň güýçli, korpotatiw derejeli antennalar 1 Gbit/s tizligi üpjün edip biler. Adaty antenna 400 Mbit/s tizligi üpjün edýär we onuň bahasy 400 dollardan geçmeýär. 100 Mbit/s tizlikli ykjam nusgasy bolsa ýolda barýan ulanyjylar üçin döredildi.
Project Kuiper 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda ilkinji müşderiler üçin beta nusgada işe girizilip bilner.


30.04.2025 13:23
1.6k+

Amazon ilkinji Project Kuiper hemralaryny orbita çykardy. Ol Starlink bilen bäsleşer

Amazon kompaniýasy Atlas V raketasynyň kömegi bilen öz Project Kuiper internet ulgamynyň 27 hemrasyny üstünlikli uçurdy. Bu kompaniýanyň Starlink bilen bäsleşjek global ulgamy döretmek ugrunda ilkinji ädimidir...

29.06.2024 17:03
2.3k+

Amazon kompaniýasy Metis kod atly täze çat-botuň üstünde işleýär

Amazon OpenAI-den ChatGPT-niň we Google-dan Bard-yň bäsdeşi bolup biljek Metis kod atly täze çat-botuny işe girizmäge taýýarlanýar. Bu barada içerki resminama we taslama bilen tanyş çeşmelere salgylanyp, Business...

10.05.2024 14:33
5.3k+

Amazon üç ýylda robotlaryň sanyny iki esse artdyrdy we robototehnikanyň lideri boldy

Amazon kompaniýasy robotlaryň ulanylyşyny artdyryp, pudakda öňdebaryjy orny eýeledi: kompaniýada robotlaryň sany üç ýylda iki esseden gowrak artdy diýip, ixbt.com ýazýar. 2021-nji ýylyň başyndan bäri Amazon-yň...

19.02.2024 23:58
2.8k+

Amazon dünýäde iň uly kompýuter sözleýşiniň emeli aň modelini hödürledi

Amerikan tehnologiýa kompaniýasy Amazon teksti sintezlenen sözleýşe öwürmek üçin emeli aň modelini işläp düzdi. Döredijileriň aýtmagyna görä, neýroulgam häli-häzire çenli şeýle görnüşli iň uly ulgam boldy. Gözlegiň...