Amazon ilkinji korporatiw müşderiler üçin öz Amazon Leo (öň Project Kuiper) hemra internetine çäkli elýeterliligi berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Şol bir wagtyň özünde internet ägirdi Amazon Leo Ultra hemra antennasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, enjam sekuntda 1 gigabite çenli ýükläp almak we sekuntda 400 megabite çenli ýükläp goýmak tizligini üpjün etmäge ukyply.
Antenna Leo Silicon çibinde işleýär we faza gözenegini ulanýar – ýagny, signallar antennany hereket etdirmezden, elektron görnüşde zerur ugra gönükdirilýär. Bu hatda kyn howa şertlerinde-de – ýokary we pes temperaturalarda, güýçli ýelde we ygallarda durnukly aragatnaşygy saklaýar diýip, Amazon belleýär.
Ilkinji Kuiper hemralary 2025-nji ýylyň aprelinde orbita çykaryldy. CNBC noýabra çenli Amazon enjamlarynyň sanynyň 150-den geçendigini habar berýär. Kompaniýa Ýere golaý orbitada 3000-den gowrak hemra ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Deňeşdirmek üçin, SpaceX-iň Starlink ulgamynda häzir 9 müň töweregi işleýän hemra bar.