Alymlar ABŞ-nyň üstündäki bulutlarda täsin deşikleriň gelip çykyşyny anykladylar

  • 05.03.2024 12:18
  • 12k+

NASA-nyň “Terra” hemrasy Meksika aýlagynyň üstündäki bulutlarda syrly tegelek deşikleri bellige aldy. Gädikleri ýada salýan bu emele gelmeler eýýäm birnäçe wagtdan bäri adamlary biynjalyk etmek bilen, adatdan daşary hadysalar baradaky teoriýa sebäp boldy. Emma, anyklanylyşy ýaly, olary uçarlar döredýär eken diýip, Daily Mail ýazýar.

Şeýle “deşikler” ilkinji gezek 1940-njy ýyllarda göründi. Olar 2100 – 5500 metr belentlikde topbak-topbak bulutlarda emele gelýär.
Şeýle belentlikde bulutlaryň temperaturasy, takmynan, -15 gradusa çenli peselýär, ýöne olardaky suw damjalary doňmaýar. Bu şeýle belentlikde howada buz kristallarynyň döremegi üçin gerek bolan tozan we tozgajyk ýaly ownujak bölekleriň az bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Muňa garamazdan, haçan-da howa uçarlaryň ganatlarynyň ýa-da perleriniň ýanynda hereket edende, daş-töwerekdäki suw bugy hasam sowaýar. Netijede, suw damjalary doňýar. Doňan bölejikler hem aşak gaçyp başlap, şeýle “deşikleri” emele getirýärler.
NASA tarapyndan düşürilen suratda Maýaminiň halkara howa menzilinden uçan uçarlar tarapyndan döredilen “deşikler” şekillendirilendir.
Kawum we kanal bulutlary (alymlar olary şeýle atlandyrýarlar) tebigy ýagdaýda hem emele gelip biler, ýöne bu seýrek bolýar.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......