Alibaba EMO bilen tanyşdyrdy. Ol fotosurat boýunça hakyky wideolary döretmek üçin ulgam

  • 03.03.2024 12:42
  • 10k+

Hytaýyň Alibaba tehnologiýa kompaniýasynyň programmistleri fotosuratlary janlandyryp biljek emeli ulgamyny döretdiler. EMO (Emote Portret Alive) bir fotosurat esasynda gürleýän ýa-da aýdym aýdýan adamyň hakyky wideolaryny döredip biler diýip, arXiv neşirinde geçirilen gözleglere salgylanýan Hi-Tech habar berýär.

EMO ses tolkunlaryny wideo kadrlaryna öwürýän emeli aňyň diffuziýa modelini ulanýar. Ulgam çykyşlar, filmler, teleşüweleňler we wokal çykyşlary ýaly dürli çeşmelerden 250 sagatlap “gürleşýän” wideolar toplumynyň maglumatlary esasynda  tälim aldy.
EMO wideonyň hili, meňzeşligi saklaýyşy we manylylygy taýdan bar bolan usullardan öňe geçdi. Onuň döreden wideolary beýleki işläp düzülenlere garanda has tebigy we duýga baý diýip kabul edilýär.
AI-ulgam diňe bir gepleşikli wideolary döretmek bilen çäklenmän, wokal bilen sinhronlaşdyrylan aýdym aýdýan portretleri hem janlandyryp biler. Giriş sesiniň uzynlygyna baglylykda, ol erkin dowamlylykdaky wideolary döretmegi goldaýar.
Şeýle ulgam okuw materiallaryny döretmekde, wideoly prezentasiýalary, şahsy gutlaglary taýýarlamakda we ş.m. ulanylyp  biler.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...