Ilon Mask emeli aňy howpsuz ösdürmek wezipesinden daşlaşandygy üçin OpenAI-ny we Sem Altmany kazyýete berer

  • 03.03.2024 09:40
  • 14k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyny we onuň ýolbaşçysy Sem Altmany telekeçilik däl hyzmatdaşlygyň şertlerini bozmakda aýyplap kazyýete berdi. Mask OpenAI-nyň umumy bähbitler üçin howpsuz emeli aňy döretmek wezipesinden daşlaşýandygyny we esasanam, Microsoft bilen hyzmatdaşlykda täjirçilik maksatlaryny durmuşa geçirip başlandygyny öňe sürýär diýip, Reuters habar berýär.

OpenAI hemmeler üçin elýeterli açyk emeli aňy ösdürmek maksady bilen, 2015-nji ýylda telekeçilik däl gurama hökmünde döredildi. Şärikdeş esaslandyryjylaryň biri bolan Mask 2018-nji ýylda direktorlar geňeşinden çykdy.
Söwda bölümini döredensoň we Microsoft bilen 1 milliard dollarlyk hyzmatdaşlygy ýola goýansoň, Mask OpenAI-nyň 2015-nji ýyldaky şertnamanyň düzgünlerini bozandygyny aýtdy. Ol direktorlar geňeşini güýçli emeli aňy (AGI) ösdürmäge ukyply däldigi üçin tankytlaýar we täjirçilik kompaniýasynyň gözegçiliginde emeli aňyň howpsuzlygy barada aladalanýandygyny aýdýar.
Mask OpenAI-nyň hereketleri jemgyýetiň howpsuzlygyna we emeli aňyň geljegine howp salýar diýip hasaplaýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......