Awstriýada tizligini kadadan artdyran sürüjileriň awtomobilleri elinden alnyp biler

  • 02.03.2024 17:25
  • 17k+

Awstriýada ilatly ýerleriň köçelerinde rugsat berilýän sagatda 80 km-den, şäheriň daşynda sagatda 90 km-den ýokary tizlik bilen hereket edýän sürüjiler indi awtomobilden mahrum ediler. Soň bu ulag serişdesi auksionda satylar. Tizligiň artdyrylandygy üçin şeýle jezalary göz öňünde tutýan düzgünler ýurtda 1-nji martdan güýje girýär diýip, dw.com belleýär.

Umumy Germaniýa awtomobil klubunyň (ADAC) duýduryşy ýaly, örän ýokary tizlik üçin eýýäm kazyýet işine çekilen sürüjiler hatda ilatly ýerlerde sagatda 60 km-den we onuň çäginden daşary sagatda 70 km-den ýokary tizlik bilen hereket etseler-de jezalandyrylar.
Eger awtomobil sürüjä degişli bolmasa, onda ol 14 günlük wagtlaýyn elden alnar. Bu kärendesine ýa-da lizinge alnan awtomobillere-de degişlidir.
2021-nji ýylda Awstriýada tizligiň artdyrylandygy üçin jerimeler ep-esli ýokarlandy. Rugsat berilýän çäkden 30 km/s geçýän seresapsyz sürüjiler indi azyndan 150 ýewro tölemeli bolar. Aýratyn kyn ýagdaýlarda we gaýtalaýan düzgün bozujylar üçin jerime 5000 ýewro çenli artdyrylyp bilner diýip, ADAC duýdurýar.
Awstriýanyň kanunyna laýyklykda, tirkegsiz agramy 3,5 tonna çenli bolan ýeňil awtomobiller üçin rugsat berilýän tizlik ilatly ýerleriň çäginde sagatda 50 km, onuň çäginden daşary sagatda 100 km, awtobanlarda sagatda 130 km barabar.


18.05.2025 10:09
4.4k+

“Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginde Awstriýa ýeňiji boldy

Awstriýaly aýdymçy JJ (Ýohannes Pitç) Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. “Wasted Love” (“Biderek söýgi”) aýdymyny ýerine ýetiren aýdymçy 436 bal gazandy...

08.04.2025 16:30
2.6k+

Wenanyň amaly sungat uniwersiteti dünýäde ilkinji bolup emeli aňy talyp hökmünde okuwa kabul etdi

Wenanyň amaly sungat uniwersiteti dünýäde ilkinji bolup emeli aňy resmi ýagdaýda talyp hökmünde hasaba alan bilim edarasy boldy. Flynn atly emeli aň sanly sungat maksatnamasy boýunça okuwa kabul edildi. Ol beýleki...

06.04.2025 22:22
8k+

Wenadaky futbol meýdançasy Gadymy Rim döwrüne degişli söweş meýdany bolup çykdy

Wenadaky futbol meýdançasy Rim imperiýasy döwründe uly söweşiň geçen ýeri bolup çykdy diýip, The Independent ýazýar. Abatlaýyş işleri wagtynda  işçiler tötänden imperator Domisianyň (b.e. 86–96-njy ýyllary) Dunaý...

09.03.2025 06:11
2.1k+

Gök-bakja orkestri 344 konsertden soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Wenada döredilen gök-bakja önüm orkestri 344 konsertden soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Sazandalar her çykyşdan öň gök hem-de bakja önümlerinden saz gurallaryny döredip, olaryň galyndylaryndan bolsa çorba...