Ýewropa awtoöndürijileri Hytaýyň awtoulag senagaty bilen bäsleşmek üçin birleşik döredip biler

  • 02.03.2024 17:33
  • 11k+

Renault kompaniýasynyň baş müdiri Luka de Meo Ýewropanyň awtoöndürijilerini tagallalary birleşdirip, elýeterli elektromobil öndürmek üçin Airbus-a meňzeş konglomeraty döretmäge çagyrýar. Bu barada “AwtoGrondo” neşiri habar berýär.

De Meo-nyň aýtmagyna görä, ýewropaly awtoöndürijilere bu pudakda lidere öwrülen Hytaýdan arzan bahaly elektromobilleriň barha artýan importy bilen bäsleşmek üçin birleşik döretmek gerek.

“Hyzmatdaşlar täze awtomobilleriň önümçiligi üçin maýa goýumlary paýlaşyp, çykdajylary azaldyp bilerler” diýip, de Meo belleýär. Ol, mysal üçin, 80-nji ýyllarda Alfa Romeo Fiat, Lancia we Saab tarapyndan ulanylan Type 4 platformasynda ýewropaly awtoöndürijileriň hyzmatdaşlygynyň öňki mysallaryna ünsi çekdi.

Renault eýýäm Renault 5-iň esasynda duran AmpR platformasyny bilelikde ulanmak barada Volkswagen bilen gepleşikleri geçirýär. Fransuz korporasiýasy bu platforma esaslanýan Twingo elektromobilini-de 20 000 ýewro baha bilen satyp başlamagy meýilleşdirýär.
Şeýle taslamanyň maksady Hytaýyň awtoöndürijileriniň edişi ýaly akkumulýatorlary, hereketlendirijileri we elektronikany öz içine alýan Ýewropa baha zynjyryny döretmek bolar. “Maksat Ýewropada ähli zady bäsdeşlige ukyply bahadan satyn almakdan ybarat” diýip, de Meo belleýär.
Mundan başga-da, ol Ýewropa awtoöndürijileri üçin awtomobilleri çalt döretmegiň uly kynçylyk boljakdygyny aýtdy. Renault-yň özi elektromobillerini işläp taýýarlamak wagtyny Renault 5 üçin dört ýyldan üç ýyla çenli azaltdy we ony Twingo üçin iki ýyla çenli azaltmagy meýilleşdirýär.
Meonyň belleýşi ýaly, “hytaýlylara garşy tizlik möhümdir”.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......