Ford Hytaýda Bronco-nyň adaty bolmadyk has uly görnüşini çykarar

  • 20.07.2025 14:24
  • 5.2k+

Ford kompaniýasy Bronco modeliniň dünýä bazaryna hödürlenen ähli wersiýalaryndan tapawutlanýan, üýtgedilen görnüşini Hytaý bazaryna çykarmaga taýýarlanýar. Täze model Jiangling Ford bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi we gibrid hem-de doly elektrik görnüşinde hödürlener. ABŞ-da Bronco-nyň şeýle görnüşleri öndürilmeýär.

CarNewsChina-nyň berýän maglumatyna  görä, bu modeliň daşky görnüşi Bronco Sport -a meňzeýär, ýöne göwrümi ep-esli uludyr, onuň uzynlygy 5025 mm, teker bazasy bolsa 2950 mm, diýmek, Ford Explorer bilen barabardyr.
Elektrik wersiýasy iki sany elektrik hereketlendirijili: öň tarapynda 176 at güýçli we yz tarapynda 275 at güýçli güýç gurluşy bilen üpjün edilendir. Aňrybaş tizligi sagatda 170 km. Bu model CLTC aýlawynda 650 km ätiýaçlyk aralygyny üpjün edip, BYD tarapyndan öndürilen 105,4 kWt·s batareýany ulanýar.

Seriýaly gibrid 1,5 litrlik benzinli hereketlendiriji, öň tarapynda elektrik hereketlendirijisi we yzky böleginde 245 at güýji bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Batareýanyň kuwwaty 43,7 kWt·s, bu 220 km elektrik çekişini berýär we jemi bolsa 1220 km bolýar.
Elektrik krossoweriniň umumy agramy 2630 kg, gibrid görnüşiniň agramy bolsa 2510 kg. Hytaýyň Senagat ministrligi tarapyndan neşir edilen suratlara görä, modeliň üçegi lidar bilen enjamlaşdyrylan - bu enjam amerikan Ford modelleriniň hiç birinde entek ýok.
Insaýderleriň maglumatlaryna görä, täze önüm bilen güýzde tanyşdyrylar. Garaşylýan bahasy -  300- 400 müň ýuan (41,7-55,6 müň dollar).


19.06.2026 19:45
1.7k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....