Gadymy döwürlerde adamlar Alsgeýmer keselinden seýrek ejir çekipdir. Alymlar munuň sebäbini anykladylar

  • 02.03.2024 17:38
  • 12k+

Alymlar Alsgeýmer keseline we beýleki kognitiw bozulmalara gadymy Gresiýada we Rimde seýrek duş gelnendigini anykladylar. Journal of Alzheimer's Disease-de çap edilen gözleginiň netijesi demensiýanyň "häzirki zaman gurşawynyň keseli" bolup biljekdigini görkezýär.

Hünärmenler munuň esasy sebäbiniň hereketsiz durmuş ýörelgesi we hapalanan howanyň täsiri bilen baglydygyny aýdýarlar. Soňky gözlegler demensiýany ýürek-damar näsazlyklary, howanyň hapalanmagy, berhiz saklamak we amatsyz şäher şertleri bilen baglanyşdyrdy.
Amerikaly alymlar topary adam saglygy barada b. e. öňki VIII asyr bilen b.e. III asyry aralygynda ýazylan birnäçe klassiki tekstleri derňedi. Geňem bolsa, olarda garry adamlaryň ýadynyň peselmegi bilen bagly näsazlyklara gaty az duş gelindi.
Gadymy Gresiýada adamyň ortaça ömri 70 ýaşa golaýdy, ýöne ne Gippokrat, ne-de onuň yzyna eýerijiler, ne-de Aristotel ýat bilen bagly sökellikleri giň ýaýran ýagdaý hökmünde agzamaýarlar.
Ýaş bilen baglanyşykly huşsuzlyk hakda ilkinji ýatlamalar b. e. I asyrynda ýüze çykyp ugrapdyr.
Gözlegçiler muny Rim şäherleriniň ilatynyň gürlüginiň artmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy hem-de gurşun gap-gaçlaryň we suw turbalarynyň ulanylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Häzirki wagtda demensiýa çynlakaý mesele bolup durýar. Bu kesel ýaşy 85-den geçen adamlaryň üçden birine öz täsirini ýetirýär.
Alymlar demensiýanyň ösmeginde daşky gurşawyň täsiriniň ozal pikir edilişinden has möhüm rol oýnap biljekdigini çaklaýarlar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....