Türkmenistanda “Iň gowy gyzlar gurnagyny” kesgitlemek boýunça ses berişlik başlandy

  • 02.03.2024 16:15
  • 11k+

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda “Iň gowy gyzlar gurnagy” atly bäsleşikde ýeňijini kesgitlemek üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy.

Bäsleşik Halkara zenanar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýär.
Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşýan okuwçy gyzlaryň çykyşlaryny bahalandyrmak we ýeňijileri kesgitlemek boýunça ses bermek üçin 0560 gysga belgisine degişli kod belgisini iberip bolýar.
Ses berişliginiň netijelerini turkmentv.gov.tm saýtyndan yzarlap bolýar.

Toparlar:

  • Arzuw: 111
  • Gülälek: 137
  • Meňli: 222
  • Bagtyýar gyzlar: 322
  • Gunça: 422
  • Päkize: 522
  • Tumar: 012

Bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza, milli el işlerimizi  öwretmegi maksat edinýär.
Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar öz okaýan mekdebinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň adyny, alyp barýan işini, şygaryny şahyrana dilde tanyşdyrmaly hem-de asylly gyz edebi bilen bagly bolan türkmen däplerine, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen öz ukyplaryny beýan etmeli.
1-nji şertiň ýerine ýetirilişine tomaşa etmek üçin şu ýere basyň.

2-nji şert: Bäsleşige gatnaşyjy gyzlar öz ýanlary bilen getiren  gutarylmadyk milli el işleriniň nusgalaryny (keşde çekmek, köjüme köjemek, basma basmak, pugtamak, jähek çalmak, aldymgaç çalmak, alaja, jorap örmek, örüm işlerini, haly önümlerini dokamak we ş.m.) ýerine ýetirmeli we öz ussatlyklaryny görkezmeli.
2-nji şertiň ýerine ýetirilişiniň wideosyna tomaşa etmek üçin şu ýere basyň.

3-nji şert:  Bäsleşigiň  bu şertinde  milli däp-dessurlarymyza  laýyklykda, döwrebap türkmen saçagyny bezemeli we tagamyň taýýarlanyşyny çeper sözleriň, aýdyşyklaryň, nakyllaryň üsti bilen çeper beýan etmeli.
3-nji şertiň ýerine ýetirilişi 3-nji martda ýaýlyma berler we turkmentv.gov.tm saýtynda wideosy ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň jemi 3-nji martda sagat 21:00-da turkmentv.gov.tm saýtynda jemlener.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......