“Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri” serialynyň üçünji möwsümi işlenip başlandy

  • 02.03.2024 14:22
  • 8.5k+

“Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri” serialynyň şourannerleri Patrik Makkeý we Jeý Di Peýn Amazon bilen täze üçýyllyk şertnama baglaşyp, kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Onuň çäklerinde eýýäm serialyň üçünji möwsüminiň üstünde işlenip başlandy diýip, lifehacker.ru habar berýär.

“Biz Jeý Di we Patrik bilen bu ajaýyp syýahata bäş ýarym ýyldan gowrak wagt mundan ozal başladyk. Biz henizem olaryň göz öňüne getirmeleriniň gerimine, şeýle-de “Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri” serialynyň birinji möwsüminde gazanan global üstünligine haýran galmagy dowam etdirýäris. Biz Prime Video-nyň müşderileriniň Jeý Di bilen Patrigiň ikinji möwsümiň dowamynda we ondan soň hem döretmegi dowam etdirýän bu epiki başdan geçirmelerinden we dramasyndan lezzet almagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, Amazon MG Studios-yň telewideniýe bölüminiň başlygy Wernon Sanders belleýär.

Serialyň üçünji möwsüminiň üstündäki işler heniz irki tapgyrda – ssenariýaçylar otagy heniz açylmady, şourannerler bolsa wakanyň ilkibaşdaky shemasyny ýaňy üýtgedip başladylar.
“Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri” serialynyň premýerasy 2022-nji ýylda Prime Video kanalynda boldy. Heniz relizden öň Amazon onuň ikinji möwsüme uzaldylýandygyny habar berdi – ol eýýäm şu ýyl çykarylmaly. 


düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.5k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......