Uçmak we gonmak üçin ganatlary aýlanýan gibrid uçar görkezildi

  • 02.03.2024 14:36
  • 7.6k+

Amerikanyň Sikorsky kompaniýasy özboluşly gibrid uçaryň taslamasyny hödürledi. Onda gonmak we ýokary göterilmek üçin uçaryň ganatlary aýlanýar diýip, NewAtlas habar berýär.

Görkezme uçarynyň agramy 4 tonna bolar we 1,2 MWt turbinaly gibrid elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyrylar. Uçuş aralygy 926 km bolar.
Aýlanýan ganatlar Sikorskiniň täze dizaýnynyň esasy aýratynlygydyr. Işläp düzüjiler bu dizaýnyň, hereketlendirijiniň adaty aýlanýan perlerine garanda, ygtybarlylygy has gowy üpjün etjekdigine ynanýarlar.
Täze uçar Sikorskiniň gibrid VTOL (HEX / VTOL) maşgalasynyň bir bölegi bolar, bu adaty dikuçary we kwadrokopteri hem öz içine alýar.
Üç enjamyň üçüsini hem mehaniki we awtomatiki usulda-da dolandyryp bolýar.
Sikorski täze ösüşlerine Lockheed Martin kompaniýasynyň uçarlara uçarmansyz gözegçilik etmegi üpjün edýän MATRIX programmasynyň dowamy hökmünde garaýar.
Aýlanýan ganatlar - bu adaty däl dizaýn, ýöne adaty çözgütlerden has ygtybarly we täsirli bolup biler. Sikorski täze VTOL taslamalarynda bu tehnologiýa bil baglaýar.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, doly aýlanýan ganat ýöne aýlanýan hereketlendirijilerden ygtybarlylygy has gowy üpjün eder. Bu çaklama däl. Hereketlendirijisi aýlanýan perli Bell Boeing V-22 Osprey konwertoplanynyň ýokary heläkçilik derejesi şeýle shemalara seresaplylyk bilen garamaga we täze, has ygtybarly çözgütleri gözlemäge mejbur edýär.


şu gün 08:10
748

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......