Awtoulag eýeleri üçin iň gowy elektrik ulaglarynyň sanawynda BMW we Mini birinji orunda durýar

  • 01.03.2024 16:23
  • 12k+

«J.D. Power» agentligi eýeleriniň kanagatlandyrýan iň gowy elektrik awtoulaglarynyň sanawyny hödürledi. Netijeler guramanyň web sahypasynda çap edildi.

Gözlegiň çäginde awtoulaglar baha kategoriýasyna bölündi. Çap edilen netijelere görä, «BMW-niň» elektrik awtoulaglary köpçülikleýin we premium toparlarda öňde barýar. Şeýlelikde, «BMW i4» gymmat awtoulaglaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlarda dgişlilikde, «Rivian» modelleri eýeleýär: «R1T» pikapy we «R1S» krossoweri. Şeýle hem ilkinji 5-lige «Tesla Model 3» we «Model Y» girýär.
«Mini Cooper» elektrik awtoulagy köpçülikleýin toparda öňdebaryjy boldy. Ondan soň «Ford Mustang Mach-E» we «Ionqi 6» gelýär. «Nissan Airya» we «Chevrolet Bolt» iň gowy bäşligi tamamlaýar.
«J.D. Power» ýaňy-ýakynda elektrik awtoulaglaryna geçen adamlaryň 39%-iniň köpçülikleýin zarýad beriş stansiýalarynda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli gibrid ýa-da içinden ýanýan hereketlendirijili awtoulaga geçmek isleýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, eýýäm ikinji ýa-da üçünji elektrik awtoulagyny sürýän sürüjiler batareýa bilen işleýän ulaglardan ýüz öwürmek islemeýärler (19%).


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......