Ronaldunyň yzyndan: Messi Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnady

  • 01.03.2024 16:16
  • 19k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony Lionel Messi taryhda Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnan ikinji adam boldy. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony Kriştianu Ronaldunyň üstünligini gaýtalady diýip, gazeta.ru habar berýär.

Häzirki wagtda Ronaldu bu sosial ulgamda iň meşhur şahs bolmagynda galýar: onuň abunaçylarynyň sany 623 mln adama ýetýär. Onuň we Messiniň yzyndan aýdymçy Selena Gomes (430 mln – üçünji orun), model Kaýli Jenner (400 mln – dördünji orun) we aktýor Dueýn Jonson (397 mln – bäşinji orun) gelýär.
Eger diňe türgenler barada aýtsak, onda Ronaldudan we Messiden soň birinji bolup hindistanly kriket oýunçysy Wirat Kohli gelýär. Onuň abunaçylarynyň sany 251 mln adam (umumy sanawda 16-njy orun).
Diňe futbolçylaryň arasynda Ronaldudan we Messiden soň braziliýaly hüjümçi Neýmar has meşhurdyr. Ol 219 mln abunaçy bilen umumy sanawda 20-nji orny eýeleýär.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......