1990-njy ýyldan bäri semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany iki esse artdy

  • 01.03.2024 16:13
  • 31k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) saýtynda ýerleşdirilen beýana görä, 1990-njy ýyldan bäri semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany ulularyň arasynda iki esse we çagalaryň hem ýetginjekleriň arasynda dört esse artdy. Dünýäde bir milliarddan gowrak adam bu keselden ejir çekýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýle-de, täze gözlegde 2022-nji ýyla çenli ulularyň 43%-iniň artykmaç agrama eýedigi bellenilýär.
Gözleg 2022-nji ýylda az agramyň we semizligiň iň ýokary görkezijisiniň Ýuwaş ummanynyň we Karib basseýniniň ada döwletlerinde, şeýle-de Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynda hasaba alnandygyny görkezdi.
BSGG-niň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreýesusyň beýanynda hem irki çagalyk ýaşda, hem ulularda berhiziň, fiziki işjeňligiň we degişli idegiň üsti bilen semizligiň öňüni almagyň hem bejermegiň zerurdygy bellenilýär. Semizlik bilen göreşmek boýunça global maksatlara ýetmek üçin hökümetleriň, jemgyýetleriň bilelikdäki işi, şeýle-de BSGG-niň we milli saglygy goraýyş edaralarynyň ylmy esasly syýasatlarynyň goldawy gerekdir. Şeýle-de, öz önüminiň jemgyýetiň saglygyna ýetirýän täsirine jogapkär bolan hususy pudagyň gatnaşmagynyň hem möhümdigi bellenilýär.


düýn 07:29
2.7k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......