Adobe emeli aň aýdym-saz generatoryny hödürledi. Ol tekst beýanyna esaslanyp saz döredip bilýär

  • 02.03.2024 14:45
  • 2.4k+

Adobe kompaniýasy Bruklinde geçirilen Hot Pod Summit-de Project Music GenAI Control platformasyny hödürledi. Ol tekst beýanyna esaslanyp, saz döredip bilýän gural. Ulanyjylar isleýän žanryny, äheňini, tempini we beýleki görkezijileri kesgitläp berse, emeli aň olara özboluşly saz döredip berer diýip, TechCrunch ýazýar.

Işläp taýýarlaýyş entek irki tapgyrda we heniz ulanyjy interfeýsi ýok. Platformany döretmek işine Kaliforniýa uniwersitetiniň (UC) we Karnegi-Mellonyň (UMC) gözlegçileri gatnaşdy.
Adobe-de ses we wideo boýunça emeli aň gözlegleriniň ýolbaşçysy Gautam Maýsoryň sözlerine görä, täze gural wirtual orkestriň dirižýory hökmünde çykyş edip, aýdym-saz taýýarlygy bolmadyk adamlara-da saz döretmäge mümkinçilik berer.
Platforma sazy takyk düzmekde gurallar bilen üpjün eder: temp, intensiwlik, patternleriň gaýtalanmagy we gurluşy. Bu synanyşmak, tükeniksiz saz böleklerini we remikslerini döredip görmek üçin mümkinçilikleri açýar.
Şeýle-de bolsa, emeliaňy sazda ulanmak awtorlyk hukugy we eserleriň hakykylygy bilen baglanyşykly etiki meseleleri döredýär. Adobe ygtyýarly maglumatlary ulanmak we emeli aň tarapyndan döredilen sazy kesgitlemek üçin "suw belligi" tehnologiýasyny ösdürmek arkaly kanunylykdan ugur alyp işlemäge çalyşýar.
Kompaniýa Project Music GenAI Control – saz döredijiliginiň geljegine ädilen ädimdigini, bu ýerde emeli aňyň adamlaryň ornuny tutmaýar-da, olara pikirlerini durmuşa geçirmäge kömek edýändigini nygtaýar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...